Alymlar Günüň işjeňliginiň iň ýokary derejesiniň boljak wagtyny kesgitledi

  • 31.10.2023 07:28
  • 14k+

Gün işjeňliginiň ýokary çäginiň wagtyndan öň bolup biler. NASA-nyň we ABŞ-nyň Atmosfera gözlegleri merkeziniň (NCAR) alymlarynyň aýtmagyna görä, bu açyş ýyldyzyň tebigatyna has gowy düşünmäge mümkinçilik berer.

Gün işjeňligi 11 ýyllyk aýlawy bilen dowam edýändigi mälimdir, minimumlar maksimumlar bilen gezekleşýär. Pese gaçanda ýyldyzyň üstünde görünýän tegmilleriň  we Gün tupanlarynyň sany azalýar.
Öňki Gün minimumy 2019-njy ýylyň dekabrynda hasaba alyndy. Ondan soň Günüň işjeňligi kem-kemden artyp başlady. Alymlar munuň 2025-nji ýylyň iýul aýynda aňrybaş derejä ýetjekdigini çakladylar. Ýöne soňky gözegçilikler munuň has ir boljakdygyny görkezýär.
NASA-nyň we NCAR-yň hünärmenleri işjeňligiň iň ýokary derejesiniň 2024-nji ýylyň ortalaryna-ahyryna gabat geljekdigini we Gün tegmilleriniň sanynyň garaşylýandan iki esse köp boljakdygyny çaklaýarlar.
Alymlar bu tizleşmäniň sebäplerini entek bilenoklar, ýöne ýyldyzy öwrenmegi dowam etdirmekçi.
Gün alaw görnüşinde ummasyz energiýany goýberýär we olaryň käbiri Ýere gelip ýetýär. Planetamyzyň magnitosfera görnüşinde goragy bar, ýöne güýçli alawlar hemra enjamlarynyň we aragatnaşyk ulgamlarynyň işleýşine täsir edip, howa duýgur adamlarda saglygyň erbetleşmegine sebäp bolup biler.
The Conversation-iň bellemegine görä, Gün zyňyndylary orbital apparatlara howp salýar.


şu gün 20:00
451

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

şu gün 17:07
512

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......