Türkmenistanyň Prezidenti Türki döwletleriň guramasynyň sammitine gatnaşmak üçin Gazagystana barar

  • 27.10.2023 21:30
  • 9.6k+

The Astana Times gazetiniň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türki döwletleriň guramasynyň 10-njy  ýubileý sammitine gatnaşmak üçin Gazagystanyň paýtagtyna barar.

Sammite Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Wengriýanyň döwlet ýolbaşçylary gatnaşar. Duşuşygyň dowamynda agza döwletleriň Baştutanlary we guramanyň synçylary ykdysadyýet, medeni gatnaşyklar hem-de sebitde durnuklylygy üpjün etmek ýaly dürli meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.
Çäräniň özi «agza ýurtlaryň we synçy ýurtlaryň Baştutanlarynyň türki ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi güýçlendirmek boýunça möhüm ýygnagy bolar» diýip bellenilýär.
Türki döwletleriň guramasynyň 9-njy sammiti Samarkantda geçirilipdi. Onuň dowamynda taraplar möhüm kararlary we olary durmuşa geçirmegiň gurallaryny öz içine alýan Samarkand Jarnamasyny kabul edipdiler. Şeýlelik bilen, döwlet baştutanlary, takmynan, 10 sany möhüm resminama gol çekdiler we başlangyç maýasy ýarym milliard amerikan dollary bolan bilelikdäki maýa goýum gaznasyny döretmäge razy boldular.


şu gün 07:51
1.2k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.7k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
989

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......