Türkmenistanyň wekiliýeti «Global Gateway» forumyna gatnaşdy

  • 27.10.2023 17:22
  • 3.1k+

25-26-njy oktýabrda Brýusselde Ýewropa komissiýasy tarapyndan gurnalan, ÝB-niň we hyzmatdaş döwletleriň hökümetleriniň ýolbaşçylaryny we wekillerini, hususy pudagy we beýleki gyzyklanýan taraplary birleşdirýän “Global Gateway” forumy geçirildi.  

Çäräni Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen açdy.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew ýurdumyzyň infrastrukturasynyň ösüşiniň häzirki ýagdaýy we geljegi barada çykyş etdi. Ulag pudagynyň ösüşiniň ählumumy arabaglanyşyk üçin ähmiýetiniň çäginde ministr, ulag we energetika ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak üçin Türkmenistan tarapyndan başy başlanan taslamalaryň ýerliklidigini nygtady. Hususan-da, ulag pudagynda sebitleýin maýa goýum taslamalarynyň birnäçesi kesgitlenildi, bu hem Ýewropa üçin gyzykly bolup biler.
25-nji oktýabrda forumyň çäginde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýew bilen Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Bankynyň prezidenti Odile Reno-Bassonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Şeýle hem Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Bankynyň Türkmenistanda hususy pudak bilen işini güýçlendirmek we ulag pudagynda ileri tutulýan sebitleýin taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şol gün, Türkmenistan wekiliýetiniň gatnaşmagynda ÝB bilen Halkara Söwda Merkeziniň arasynda “Türkmenistan-ÝB: Söwdanyň durnuklylygyny we integrasiýany ýokarlandyrmak” taslamasyny durmuşa geçirmek baradaky şertnama gol çekmek dabarasy geçirildi. ÝB bilen Halkara Söwda Merkeziniň arasyndaky bu bilelikdäki taslama, Türkmenistana BSG-ä girmek prosesinde goldaw bermek üçin döredildi. 
Gol çekişlik dabarasynyň çäginde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri ýurduň dünýäniň söwda ulgamyna işjeň goşulýandygyny belläp, Türkmenistan tarapyndan BSG-niň kadalaryna we ülňülerine laýyklykda ýurduň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek üçin görülýän çäreleriň möhümdigini aýtdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.


11.05.2026 22:55
899

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

09.05.2026 15:30
2.4k+

Ýewropa Bileleşigi 2050-nji ýyla çenli garyplygy doly ýok etmegi maksat edinýär

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Roksana Mynzatu Ýewropa Bileleşiginiň  taryhynda ilkinji gezek taýýarlanan ýörite strategiýa arkaly 2050-nji ýyla çenli garyplygy doly ýok etmek isleýändiklerini mälim......

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......