Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Günorta Afrika Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

  • 27.10.2023 17:16
  • 3.7k+

26-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Günorta Afrika Respublikasynyň Gazagystandaky ilçihanasynyň syýasy geňeşçisi Pis Bardolf Kennedi bilen duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşlikde taraplar Türkmenistan bilen Günorta Afrikanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem syýasy, söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.
Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklary güýçlendirmek, DIM-ara geňeşmeleri geçirmek we iki ýurduň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek barada ylalaşdylar.
Halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň çäginde iki ýurduň arasyndaky işjeň aragatnaşyk kanagatlanma bilen bellendi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......