Gyrgyzystan bilen Eýran ýene Türkmenistanyň üsti bilen ulag geçelgesini döretmek meselesini maslahatlaşýar

  • 26.10.2023 17:56
  • 10k+

Eýranyň we Gyrgyzystanyň hökümet wekiliýetleri “Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran” demirýol geçelgesini döretmek boýunça gepleşikler bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşyk gazandylar diýip, Tehran Times habar berýär.

Birinji tapgyr ýokary wezipeli şahslaryň gatnaşmagynda täze demirýol ugruny döretmek boýunça gepleşikleri dowam etdirmek barada özara düşünişmegi göz öňünde tutýar. Bu meselede ulag ministrlerine degişli tabşyryklar berildi.
Eýranyň wekiliýeti şu gün, 26-njy oktýabrda geçiriljek Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň hökümet baştutanlarynyň 22-nji Geňeşine gatnaşmak üçin Gyrgyzystana geldi. Türkmenistan hem mejlise gatnaşar, ýurda wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow wekilçilik eder.
Şeýle-de, Gyrgyzystan bilen Eýran öz territoriýalarynda biri-biriniň söwda merkezini açmak barada ylalaşdylar. Bişkek Eýran tarapyndan öz territoriýasynda elektrik stansiýasynyň we nebiti gaýtadan işleýän zawodyň gurulmagyna hem bil baglaýar.


şu gün 15:51
1k+

Wýetnam 16 milliard dollarlyk täze mega howa menzilini gurýar

Wýetnam dünýäde iň uly infrastruktura taslamalarynyň birini - 16 milliard dollarlyk Longthan mega howa menziliniň gurluşygyny durmuşa geçirmäge başlady....

06.05.2026 20:34
9.8k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 16:02
12k+

Şäherleriň ululygyndaky howa menzilleri: dünýäniň iň uly 7 howa menzili

Häzirki zaman howa menzilleri köpden bäri diňe uçuş we gonuş nokatlary bolmagyny bes etdi. Olar awiasiýanyň geljekki onlarça ýyllar öňünden logistika, biznes we strategiýa bilen baglanyşykly giň......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......