Türkmenistan Türkiýä Bilelikdäki maýa goýum fonduny hem-de Maýa goýumlary boýunça Bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip etdi

  • 26.10.2023 17:23
  • 4.5k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankarada geçirilýän Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyndaky eden çykyşynda Bilelikdäki maýa goýum fonduny hem-de Maýa goýumlary boýunça Bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip etdi.

Döwlet Baştutany Türkmenistan daşary ýurtlar bilen maýa goýumlary babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet berýändigini we bu ýerde esasy maksat ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri energetika we infrastruktura taslamalaryna daşary ýurt maýalaryny çekmekden ybarat bolup durýandygyny nygtady.

«Şeýlelikde biziň öňümizde işlemek üçin giň meýdança açylýar. Şunuň bilen baglylykda, Bilelikdäki maýa goýum fonduny hem-de Maýa goýumlary boýunça Bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip edýäris» diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutany şol bir wagtda, türk maýadarlarynyň we senagatçylarynyň ýurdumyzda alyp barýan işlerini maliýe taýdan düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkiýäniň käbir uly banklarynyň Türkmenistanda şahamçasyny açmak meselesine seretmegi hem makul görýändigimizi aýtdy.


düýn 20:55
1.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......