Mikrobiologlar «janly reňk» arkaly Marsda kislorod öndürmegi teklip etdiler

  • 26.10.2023 15:16
  • 6.4k+

Surreý uniwersitetiniň britan alymlary kömürturşy gazyny netijeli siňdirýän we kislorody bölüp çykarýan Chroococcidiopsis cubana bakteriýalary arkaly bioreňk döretdiler. Alymlaryň pikirine görä, bu gurluş Ýeriň ýüzünde-de, Marsyň ýowuz gurşawynda-da ulanylyp bilner.

Chroococcidiopsis cubana bakteriýalary Mars planetasyndaka meňzeş şertleri bolan çöllerde ýaşaýar. Mikroorganizmler aşa pes ýagtylyk şertlerinde-de fotosintez etmek ukybynyň kömegi bilen diri galýarlar.
Mikrobiologlar mikroorganizmleriň howpsuz ýaşap bilmekleri üçin latekse we toýun nanobölejiklerine esaslanýan ýörite örtük döretdiler. Soňra olar 30 günüň dowamynda mikroblaryň kömürturşy gazyny siňdirip, kislorod öndürýandiklerini synladylar.
Netijede, bioreňkiň bir aýyň dowamynda her günde biomassanyň her gramyna 0,4 grama çenli kislorody durnukly bölüp çykarýandygy anyklanyldy.


düýn 20:00
903

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

düýn 17:07
667

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......