Ýamamoto Hiroýuki Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi hökmünde işini tamamlady

  • 26.10.2023 13:21
  • 6.4k+

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Ýamamoto Hiroýuki ýurdumyzda diplomatik işini tamamlady diýip, Ýaponiýanyň ilçihanasynyň Metbugat gullugy habar berdi. Bu waka mynasybetli ilçihana hoşlaşyk dabarasyny gurady.

Ýamamoto Hiroýuki Türkmenistanda üç ýyl işledi. Işiniň dowamynda ol Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň özara gatnaşyklaryny berkitmek babatda iş alyp baryp, iki ýurduň arasynda ykdysady, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň üstünde işledi.


şu gün 01:20
4.7k+

Daşary işler ministrligi ukrain teleýaýlymynda Türkmenistan barada berlen ýalan habar boýunça ýazgarma bilen çykyş etdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ukrainanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistan barada ýaýradylýan maglumatlar bilen baglylykda beýannama bilen çykyş etdi. Türkmen tarapy 2025-nji ýylyň...

düýn 11:38
2k+

Raşid Meredow Eswatiniden we Lesotodan kärdeşleri bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirdi

7-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Lesoto Patyşalygynyň daşary işler we halkara gatnaşyklar ministri Ležone Mpotžoane hem-de Eswatini Patyşalygynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri hanym Folile Şakantu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi...

düýn 10:12
12k+

Türkmenistanyň Prezidenti Tehasdaky suw joşgunlary zerarly ABŞ-nyň Prezidentine gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Tehas ştatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...

düýn 10:01
4.5k+

Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi

7-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär...