Türkmenistanyň wise-premýeri Batyr Atdaýew Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýilmaz bilen duşuşdy

  • 26.10.2023 09:13
  • 15k+

25-nji oktýabrda Ankaradaky Prezident toplumynda Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýilmaz bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýewiň arasyda gepleşikler geçirildi. Bu barada Anadolu agentligi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky ykdysady, syýasy we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary pugtalandyrmak barada pikir alşyldy.
J.Ýilmaz Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň mukdaryny 5 milliard amerikan dollaryna ýetirmegi maksat edinýändiklerini we bu maksada ýetmek üçin söwda amallaryny ýeňilleşdirjek çäreleri, esasanam, töleglere gaýtadan serediljekdigini, olaryň uzak möhlete esaslanjakdygyny aýtdy. Şunda Hökümetara türkmen-türk ykdysady toparynyň mejlisleriniň işine möhüm ornuň degişlidigi bellenildi.
Wise-premýer B.Atdaýew iki ýurduň arasynda häzirki wagtda alnyp barylýan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň derejesini ýokary baha berdi we özara söwda dolanyşygynyň mukdaryny 5 milliard amerikan dollaryna çenli ýetirmekde bilelikde iş alyp barmaga taýýardygyny mälim etdi.
Duşuşyk Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýä resmi saparynyň çäklerinde geçirildi.


düýn 19:38
3.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......