Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» halkara sergisi öz işine başlady

  • 25.10.2023 10:00
  • 3.3k+

Şu gün, 25-nji oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda iri sebit energetika forumy — «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahaty we sergisi (OGT — 2023) öz işine başlaýar.

«Her ýyl guralýan «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly pudaklaýyn sergi hem-de maslahat ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň kärhanalary bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly itergi berýär. Bu forumyň ýurdumyzyň hünärmenleri üçin öz mümkinçiliklerini görkezmekde hem-de hyzmatdaşlary tapmakda oňat şertleri döretjekdigine ynanýaryn» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belleýär.
«Ýokary derejede geçirilýän halkara forum daşary ýurtly gatnaşyjylary ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategiýasy, döwrebap tehnologiýalary işjeň çekmegiň tejribesi, hyzmatlary amala aşyrmagyň ýollaryny we ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň usullary bilen tanyşdyrar. Ol bu ugurda işleýän hünärmenleriň arasynda uly gyzyklanma döreder. Şeýle duşuşyklar özara gatnaşyklaryň has netijeli ýollaryny gözlemekde, göni gepleşikleri geçirmekde möhümdir. Netijeli gepleşikler bolsa Türkmenistanyň baý ýangyç-energetika serişdelerini özleşdirmäge we rejeli ulanmaga gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalara ýol açýar» diýip Serdar Berdimuhamedow belleýär.

Şu ýyl «Ygtybarly. Durnukly. Arassa energiýa» şygary astynda geçirilýän foruma dünýäniň 46 döwletinden 700-den gowrak wekiliýet gatnaşýar diýip Nebit-Gaz gazetiniň elektron neşiri habar berýär.


20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......