«Türkmenhowaýollarynyň» Aşgabatdan Delä gatnawlarynyň günleri üýtgedildi

  • 24.10.2023 22:31
  • 12k+

2023-nji ýylyň 30-njy oktýabryndan başlap 2024-nji ýylyň 27-nji martyna çenli «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Hindistana gatnawlary täze tertip boýunça ýerine ýetiriler. Aşgabat-Deli-Aşgabat ugry boýunça gatnawlar her hepdäniň şenbe we ýekşenbe günleri ýerine ýetiriler.

Şenbe günleri T5535 gatnawy Aşgabatdan 01:35-de uçup, Delide 05:35-de gonar. Deliden 06:55-de uçup, Aşgabatda 10:05-de gonar. Uçuş/gonuş üçin ýerli wagt görkezilen.
Ýekşenbe günleri T5537 gatnawy Aşgabatdan 09:30-da uçup, Delide 13:30-da gonar. Deliden 15:00-da uçup, Aşgabada 18:10-da gonar. Uçuş/gonuş üçin ýerli wagt görkezilen.
Häzirki wagtda Aşgabatdan Delä gatnawlar her hepdäniň çarşenbe we penşenbe günleri amala aşyrylýar.


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......