Raşid Meredow Kipr Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

  • 24.10.2023 19:29
  • 6.8k+

23-nji oktýabrda «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» ministrler duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Kipr Respublikasynyň Daşary işler ministri Konstantinos Kombos bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda ministrler syýasy-diplomatik gatnaşyklary güýçlendirmegiň möhümdigini bellediler. Hususan-da, iki ýurtdaky ilçileriň parallel akkreditirlenmeginiň ähmiýeti nygtaldy. Mundan başga-da, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin esas hökmünde halkara guramalarynyň meýdançalarynda hyzmatdaşlygyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda degişli şertnama-hukuk binýadyny döretmegiň zerurlygy hem nygtaldy. Bu maksat bilen, iki tarap hem ýakyn wagtda gol çekmek niýeti bilen Türkmenistanyň we Kipriň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnamany işläp taýýarlamak meselesine özara gyzyklanma bildirdiler.
Ykdysady ugurda ministrler söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmek mümkinçiligini bellediler. Bu ugurda işewür wekiliýetleriň alyş-çalşygy we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitlemek boýunça jikme-jik geňeşmeleri geçirmek teklip edildi.


düýn 18:57
1.1k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
973

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......