Aýyň ýaşy öň çak edileninden 40 mln ýyl uly bolup çykdy

  • 24.10.2023 17:47
  • 9.4k+

4 milliard ýyldan gowrak wagt ozal, Gün ulgamynyň emele gelen döwri, Ýer Marsyň ululygyndaky obýekt bilen çaknyşýar. Çaknyşmanyň netijesinde zyňlan böleklerden hem Aý emele gelýär, ýöne onuň emele gelşiniň takyk wagty syr bolup galýar.

Muny anyklamak üçin täze gözlegde alymlar 1972-nji ýylda Apollo programmasynyň astronawtlary tarapyndan Aýdan getirilen regolit nusgalaryny ulandylar. Olaryň açyşy Aýyň öň çak edileninden 40 mln ýyl uludygyny kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Indi Ýeriň tebigy hemrasynyň ýaşy 4,46 mlrd ýyldan gowrak diýlip hasaplanylýar diýip, ixbt.com belleýär.
Regolitde milliardlarça ýyl ozal emele gelen ownujak kristallar saklanýar. Bu kristallar Aýyň, ähtimal, dörän wagtynyň esasy görkezijisi bolup hyzmat edýär. Marsyň ululygyndaky obýekt Ýer bilen çaknyşyp, Aýy emele getirende, urgynyň energiýasy materialy eredýär we netijede Aýyň üsti emele gelýär. Bu ilkibaşda Aýyň üstüniň erän görnüşde bolandygyny, soňra onuň magma ummanynyň sowamagy netijesinde materialyň gatandygyny aňladýar.
Aýyň üstündäki kristallar hem şol sowama prosesi wagtynda emele gelipdirler we olaryň düzümi gözlegçilere olaryň ýaşyny we Aýyň ýaşyny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de bolsa, bu möhleti kesgitlemek aňsat däldi. Käbir gözlegler Aýyň ýaşynyň 4,24 mlrd ýyldygyny görkezdi, ýöne soňky kristal gözlegleri Aýyň ýaşynyň has uly bolup biljekdigine ünsi çekýär.
Gözlegçileriň aýtmagyna görä, täze seljerme usullary kristallaryň has öň dörändigini tassyklaýar. Atom-zond tomografiýasy diýlip atlandyrylýan bu çemeleşme kristallardan atomlary bugartmak üçin lazeriň ulanylmagyny göz öňünde tutýar. Soňra bu atomlaryň massasyny kesgitläp, uranyň we gurşunyň dürli izotoplarynyň paýyny ölçemek bolýar. Uranyň radioaktiw dargamanyň netijesinde wagtyň geçmegi bilen gurşuna öwrülýändigi sebäpli, bu proporsiýa kristallaryň ýaşyny görkezip biler.
Şeýlelik bilen, gözlegçiler topary nusgalaryň ýaşyny, onuň üsti bilen bolsa Aýyň ýaşyny takygrak kesgitlemegi başardylar.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6.1k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.9k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......