Ilon Mask bir günde 16 mlrd dollar ýitirdi

  • 24.10.2023 10:44
  • 21k+

«Forbes-iň» sanawyna görä, ABŞ-nyň iň baý adamy, milliarder we telekeçi Ilon Mask bir günde 16,1 milliard dollar ýitirdi. Muny «Bloomberg» agentligi tarapyndan düzülen milliarderleriň görkezijisindäki maglumatlar subut edýär.

Agentligiň belleýşi ýaly, 2023-nji ýylyň üçünji çärýeginde Mask tarapyndan esaslandyrylan «Tesla» kompaniýasynyň maliýe görkezijileriniň pes bolmagy sebäpli telekeçiniň serişdeleri azaldy. «Tesla-nyň» paýnamalary pes girdeji we satuw sebäpli çärýekleýin hasabat çap edilenden soň 9,3% pese gaçdy.
2023-nji ýylyň aprel aýyndaky hasabata laýyklykda, Mask «Tesla-nyň» paýnamalarynyň 13%-ine eýelik edýär. Şeýle hem onuň 2018-nji ýyldaky kompensasiýa bukjasyndan, takmynan, 304 million aksiýa opsionlary bar.
Agentligiň hasaplamalaryna görä, Ilon Mask şu ýyl 72,6 milliard dollar girdeji gazandy.


20.06.2026 10:45
3.9k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.5k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......