Hünärmen Gündäki asudalygyň sebäbini düşündirdi

  • 22.10.2023 21:34
  • 15k+

Günüň ýüzündäki tegmilleriň sany mese-mälim azaldy, şonuň üçin magnit hadysalary boýunça ýagdaý amatly bolmagynda galýar.

Deslapky çaklamalardan tapawutlylykda, Gündäki asudalyk dowamly bolup biler. Oktýabr aýynda güýji orta derejeli gün partlamalarynyň diňe alty sanysy hasaba alnan bolsa, sentýabr aýynda olaryň sany 34-e ýetipdi.
Geomagnit işjeňligi gowşady we güýzüň ikinji aýynda Ýerde diňe bir sany gysga magnit tupany boldy.
Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň baş ylmy işgäri, fizika-matematika ylymlarynyň doktory Sergeý Bogaçýowyň gürrüň bermegine görä: "Ýylyň işjeňligine garasaň, ol birneme alabeder: gara zolak, ak zolak, ýagny partlama zolagy, asudalyk zolagy".

"Biz asuda ýagdaýyň dowam edýändigini bellige alýarys. Ondan çykyljakdygynyň alamatlaryny göremzok. Adamlar bu maglumatlardan, megerem, hoşal bolsalar gerek, sebäbi olara partlamalar we alawlar däl-de, asuda Gün gerek" – diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Bu günler Günde tegmilleriň diňe 3458, 3464 we 3465 belgili üç toparyna syn etmek bolýar, ýöne olaryňam işjeňligi gaty pes. Ýyldyzyň ýüzüniň galan bölegi arassa. Günüň gyrasynda täze tegmiller peýda bolup ugran gündogar (çep) ýarym şarynda häzirki wagtda hiç hili gurluş ýok.
Oktýabr aýynyň soňky hepdesi ýylyň iň asuda hepdelerinden biri bolaýjak ýaly. Şeýle-de bolsa, Gün hökman öz işjeňligine gaýdyp geler. Ýöne ol noýabrdan bärde bolmaz.


şu gün 20:00
340

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

şu gün 17:07
386

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......