Aşgabat — Gökdepe demirgazyk sowma awtomobil ýolunyň durky täzelener

  • 22.10.2023 08:50
  • 20k+

Wise-premýer B.Annamämmedow anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda Aşgabat — Gökdepe demirgazyk sowma awtomobil ýolunyň durkuny täzelemegiň meýilleşdirilendigi barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, onuň ugry boýunça häzirki döwrüň talaplaryna we halkara ölçeglere laýyk gelýän sil-suw akabasyny hem-de demir ýoluň üstünden geçýän täze awtomobil köprülerini gurmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi ýurdumyzyň ýol-ulag ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga, ýolagçy, ýük gatnawlarynyň howpsuz hem-de sazlaşykly hereketini üpjün etmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabat — Gökdepe demirgazyk sowma awtomobil ýolunyň 47-nji kilometrinde ýerleşýän sil-suw akabasynyň, şeýle hem demir ýoluň üstünden geçýän awtomobil köprülerini gurmak baradaky teklibi makullady we wise-premýere degişli işleri geçirmegi, ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


şu gün 12:20
287

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.4k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......