Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny resmileşdirmegiň we bermegiň täze tertibi tassyklanyldy

  • 21.10.2023 17:28
  • 49k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny resmileşdirmegiň we bermegiň tertibini, ondan peýdalanmagyň kadalaryny, şeýle hem Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň nusgasyny we ýazgysyny tassyklady. Degişli Karara döwlet Baştutany 20-nji oktýabrda gol çekdi.

Resminamada bellenilişi ýaly, ozal berlen köne nusgadaky Türkmenistanyň raýatynyň pasporty, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ony çalşyrmak üçin esas bolmadyk ýagdaýynda, Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň täze nusgasyna çalşyrylmaga degişli däldir.
Içeri işler ministrligine, Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.
Bellenilişi ýaly, bu resminama “Migrasiýa hakynda” we “Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna hem-de “Türkmenistanda pasport ulgamynyň işini kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda çykaran 720-nji Permanyna laýyklykda kabul edildi.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......