Ziroat Mirziýoýewa Ogulgerek Berdimuhamedowany Daşkentde geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy

  • 21.10.2023 17:15
  • 19k+

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalasy Ziroat Mirziýoýewa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy, hanym Ogulgerek Berdimuhamedowany 9-njy noýabrda Daşkent şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi ugrunda çagalaryň we ýaşlaryň hereketi» atly halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň telewideniýesi habar berdi.

Hanym Ogulgerek Berdimuhamedowa iberilen çakylyk hatynda «Zamin» halkara jemgyýetçilik gaznasy tarapyndan BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen bilelikde guralýan bu halkara çäräniň Çagalary goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanýandygy bellenilýär.
Forumyň esasy maksady ekologik meseleleri çözmäge çagalaryňdyr ýaşlaryň gatnaşmagyny artdyrmakda öňdebaryjy pikirleri hem-de tejribeleri alyşmakdan, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek boýunça milli, sebit we ählumumy tagallalary birleşdirmekden ybaratdyr.


şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

25.06.2026 10:21
4.5k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......