Tebigatyň täze kanuny: ewolýusiýa janly we jansyz tebigatyň umumy aýratynlygydyr

  • 20.10.2023 10:05
  • 12k+

Kaliforniýa Tehnologiýalar institutynyň, Karnegi Ylym tnstitutynyň, Kornell uniwersitetiniň alymlary we Kolorado uniwersitetiniň filosoflary tebigatyň täze kanunyny beýan etdiler. Täze kanuna görä, çylşyrymly ulgamlar gurluşyny has-da çylşyrymlylaşdyryp we köpdürliligini artdyryp ösýärler.

«Proceedings of the National Science Academy» (PNAS) žurnalynda çap edilen makalada ewolýusiýanyň Ýerdäki ýaşaýyş bilen çäklenmeýändigi, onuň atomlardan we minerallardan başlap, planetalara we ýyldyzlara çenli beýleki adatdan daşary çylşyrymly ulgamlarda hem ýüze çykýandygy beýan edilýär.
Funksional maglumatlarynyň artmagy kanuny ewolýusiýanyň janly we jansyz tebigatyň umumy aýratynlygydygyny ykrar edýär. Bu ulgamlar köp gezek tertipleşdirilip bilinjek atomlar, molekulalar ýa-da öýjükler ýaly köp dürli düzüm böleklerden ybarat bolmaly. Ikinjiden, olar sansyz dürli mehanizmleriň döremegine sebäp bolýan tebigy proseslere sezewar bolýarlar. Netijede, konfigurasiýalaryň diňe az sanly bölegi funksiýalar boýunça seçgi diýlip atlandyrylýan prosesden aman galýar.
Ulgamyň köp dürli konfigurasiýalary bir ýa-da birnäçe funksiýalara baglylykda seçgä sezewar bolsa, ulgam öser. Iň esasy funksiýa durnuklylykdyr, ýagny komponentleri durnukly tertipde ýerleşen konfigurasiýalar saýlanýar. Üznüksiz energiýa akymy bolan ulgamlar hem saýlanýar. Üçünji funksiýany alymlar «täzeçillik» diýip atlandyrýarlar – täze ulgamlaryň ösüş meýlilleri özboluşly häsiýetlere ýa-da aýratynlyklara alyp barýan täze konfigurasiýalary başdan geçirýär.
Mysal hökmünde alymlar minerallaryň ewolýusiýasyny getirýärler. Irki Gün ulgamynda atomlary has durnukly ýerleşen minerallaryň bary-ýogy 20 görnüşi bardy. Bu ilkinji minerallar ýaşaýşyň döremegine gatnaşan minerallaryň indiki nesilleri üçin esas bolup hyzmat edipdir. Ýaşaýşyň we minerallaryň ewolýusiýasy soňra biri-biri bilen berk baglanyşýar, çünki dişler, süňkler, haýwanlaryň ösüntgileri we gapaklary minerallardan ybaratdyr. Häzirki wagtda çylşyrymly fiziki, himiki we biologiki prosesleriň netijesinde ýüze çykýan minerallaryň 6000-e golaý görnüşi mälimdir.


şu gün 20:00
451

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

şu gün 17:07
512

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......