Ogulgerek Berdimuhamedowa Hytaýda türkmen halylaryna we el işlerine bagyşlanan serginiň açylyşyna gatnaşdy

  • 19.10.2023 09:30
  • 31k+

18-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň hem-de Ählihytaý zenanlar federasiýasynyň başlygy Şen Ýueýueniň gatnaşmagynda türkmen halylaryna we el işlerine bagyşlanan, halkymyzyň köptaraply zehininiň aýdyň nyşanyna öwrülen milli amaly-haşam sungatynyň hem-de döredijiliginiň, halk senediniň görnüşlerini dolulygyna şöhlelendirýän milli serginiň açylyş dabarasy geçirildi.

Sergi üç bölümden ybarat bolup, olaryň birinjisi ýüň halylara we halyçylyga, ikinjisi ýüpek halylara, üçünjisi bolsa keteni — milli keşdeçilik we matalar bölümine bagyşlandy. Sergide arassa ýüňden, ýüpekden dokalan halylaryň nusgawy görnüşleri, tebigatyň özboluşly gözelligi şekillendirilen surat eserleri görkezildi. Olaryň ählisi reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy, gaýtalanmajak nepisligi, döredijilik çemeleşmeleri bilen tapawutlanýar. Bu ýerde haly-palas dokamagyň köp dürli görnüşleri, kilimler, sowgatlyk önümleriň uly toplumy, göze gelüwli torbalar, ketenä salnan milli nagyşlaryň we amaly-haşam sungatynyň özboluşly nusgalary bar.


Çäräniň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň agtygy sergini synlamaga gelenlere alaja örmegiň usulyny ussatlyk bilen görkezdi. Munuň özi halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlarynyň nesilden-nesle geçirilip, mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Sergini synlamaga gelenler Ogulgerek Berdimuhamedowanyň agtygynyň ussatlyk bilen alaja örüşini uly gyzyklanma hem-de haýran galmak bilen synladylar.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 11:17
5k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.5k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....