Gurbanguly Berdimuhamedow syýasy logistikanyň wajyplygy barada aýtdy

  • 18.10.2023 17:44
  • 6.4k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekindäki «Bir guşak, bir ýol» Üçünji ýokary derejeli maslahatynyň çäklerindäki Özara baglanyşyk boýunça ýokary derejeli maslahatda eden çykyşynda syýasy logistikanyň wajyplygy barada aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ykdysadyýetde özara arabaglanyşyk, tehnologiýalary, tejribäni we usullary halkara derejesinde alyşmak dünýä ösüşiniň obýektiw ýagdaýlary bolup durýandygyny nygtady. Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, olar önümçilikde has ysnyşykly kooperasiýany, ýakynlaşmak babatdaky tehnologik we sanly binýatlaryň, bilelikdäki kommunikasiýa ulgamlarynyň döredilmegini göz öňünde tutýar.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň bellemegine görä, bularyň ählisi diňe bir tehniki babatda däl, eýsem, ählumumy möçberde hyzmatdaşlygyň bitewi we durnukly logistikasyny döretmäge ýardam etmelidir.

«Biziň pikirimizçe, häzirki wagtda syýasy logistika düşünjesi örän wajypdyr. Ony ykdysady ösüşiň we hyzmatdaşlygyň geljegi baradaky garaýyşlaryny we mümkinçiliklerini paýlaşýan döwletleriň özara gatnaşyklarynyň köpugurly ulgamy hökmünde görýärin» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.


şu gün 07:42
445

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......