Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň energiýa syýasatyny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryny mälim etdi

  • 18.10.2023 17:30
  • 3.5k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekindäki «Bir guşak, bir ýol» Üçünji ýokary derejeli maslahatynyň çäklerindäki Özara baglanyşyk boýunça ýokary derejeli maslahatda eden çykyşynda Türkmenistanyň energiýa syýasatyny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryny mälim etdi.

«2009-njy ýylda Türkmenistandan Hytaýa çekilen gaz geçirijisiniň işe girizilmegi yklymlarda energetika ulgamynda gatnaşyklaryň täze arhitekturasynyň kemala gelmeginiň başyny başlady, özara bähbitlilik we deňhukuklylyk esasynda beýleki döwletleriň taslamasyna goşulmak mümkinçiliklerini açdy» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýtmagyna görä, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy hem hut şu nukdaýnazaryndan amala aşyrylýar. 

«Häzirki wagtda biz türkmen tebigy gazynyň, elektrik energiýasynyň geografiýasyny giňeltmegiň we halkara derejede iberilýän möçberlerini artdyrmagyň üstünde işleýäris. Türkmenistandan Owganystana we Pakistana elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbi tutuldy. Bu ugurlarda hyzmatdaşlygyň gün tertibinde iri taslamalaryň ýene-de birnäçesi bar» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.


şu gün 07:42
445

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......