Britan alymlary guş dümewine garşy durnukly towuk tohumyny döretdiler

  • 17.10.2023 12:39
  • 12k+

Edinburg uniwersitetiniň, Londonyň Imperial kollejiniň we Pirbraýt institutynyň alymlary guş dümewine garşy durnukly towuklary döretmek üçin gen redaktirlemesini ulandylar. Bu kesel guşçylyk pudagyna uly ýitgiler getirýär.

Britan alymlary «ANP32A» belogynyň bölünip çykarylmagyna jogapkär DNK bölümini üýtgetdiler. Dümewiň wirusy bedene aralaşyp, köpelmek üçin bu molekulany ulanýar.
Synagyň çäklerinde «redaktirlenen» towuklar «H9N2-UDL» guş dümewi wirusynyň adaty dozasyna sezewar edildi. 10 guşdan dokuzy kesellemedi we wirusy beýleki towuklara geçirmedi.
Towuklar soňra wirusyň ýokary dozasyna sezewar boldular. Şeýle-de bolsa, toparyň diňe ýarysy – bäş towuk keselledi. Ýöne kesellänleriň bedenindäki wirusyň mukdary garaşylýandan has az çykdy.
Alymlar «ANP32A» belogynyň ýoklugynda wirusyň oňa ýakyn bolan iki sany «ANP32B» we «ANP32E» beloklary bilen uýgunlaşandygyny anykladylar. Şonuň üçin olar bu üç sany belogy öndürmäge jogapkär DNK-nyň goşmaça bölümlerini üýtgetdiler.

«Genleri redaktirlemek nesilden-nesle geçýän hemişelik kesele garşy durnuklylyga tarap ýoly hödürleýär. Bu öý guşlaryny goramak bilen, adamlar we ýabany guşlar üçin töwekgelçiligi azaldýar» diýip, awtorlar belleýärler.


düýn 20:00
903

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

düýn 17:07
667

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......