Owgan Hökümeti TOPH-nyň owgan böleginiň gurluşygyny özleri maliýeleşdirmäge taýýar

  • 16.10.2023 00:11
  • 16k+

Magdan senagaty we nebit ministrliginiň metbugat sekretary Homaýun Owgan "indi ýurtda howpsuzlygyň üpjün edilendigini, Kabulyň hem TOPH taslamasy üçin ýer almak kararyna gelendigini" mälim etdi.

Ol Owganystanda bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine Türkmenistanyň goşan goşandyny belläp, ony iş ýüzünde durmuşa geçirmäge başlamaga taýýardygyny tassyklady. "Başga bir alternatiwa tapylmasa, özümizi özümiz goldamaga taýýar" – diýip, TOLOnews ministrligiň wekiliniň sözlerini getirýär.
Owganystanda TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) gaz geçirijisiniň taslamasy ýurduň ykdysady ösüşi we ilata iş ýerlerini döretmekde möhüm taslamalaryň biri hasaplanýar.
Turbageçirijiniň Owganystandaky ugry Hyratyň, Farahyň, Nimrozyň, Gilmendyň we Kandagaryň üstünden geçýär. Turbageçirijiniň umumy uzynlygy 1814 km, şonuň 735 km-i Owganystandan geçer.
Müňlerçe adam üçin iş ýerlerini döretmekden başga-da, Owganystan bu taslamadan ýylda 400 million dollardan gowrak girdeji gazanar.


şu gün 07:42
667

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......