Aşgabat we Mary şäherleri Tatarystanyň ýurdumyzdaky Medeniýet günlerini kabul eder

  • 16.10.2023 00:04
  • 7k+

17-19-njy oktýabrda Türkmenistanda Tatarystanyň Medeniýet günleri geçiriler. Festiwal Türkmenistanyň iki şäherinde - Aşgabatda we Maryda bolar, bu şäherlerde Respublikanyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk dabaralary geçiriler.

Açylyş dabarasy 17-nji oktýabrda  Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde bolar. Festiwalyň programmasy köpöwüşginli we täsirli bolar - Tatarystan Respublikasynyň sungat ussatlarynyň konserti hem-de Respublikanyň öňdebaryjy halk we çeper senetçi ussatlarynyň bezeg, amaly-haşam sungat eserleriniň we ýadygärlik sowgatlyklarynyň sergisi bolar. Şeýle hem sergide suratkeşleriň we dizaýnerleriň özboluşly eserlerini görüp, ÝUNESKO-nyň Tatarystandaky medeni ýadygärlikleriniň surat sergisine baryp bilersiňiz.
18-nji oktýabrda irden Aşgabatda Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Halk sungatyny we senetçiligini gorap saklamak, dikeltmek we ösdürmek” atly tegelek stol guralar. Agşam bolsa festiwalyň baýramçylyk ýeri Mary şäheri bolar - Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda Tatarstanyň sungat wekilleri Mary welaýatynyň tomaşaçylaryna respublikanyň sungat ussatlarynyň konsertini hödürlär.
Festiwalyň maksatnamasynyň çäginde Aşgabatda Tatarystanyň kinosynyň günleri geçiriler. Tatarystanyň režissýorlarynyň “Ibn Fadlan”, “Tarlan”, “Isenmesez” ýaly filmleri “Aşgabat” kinoteatrynda görkeziler.
Doganlyk ýurduň Medeniýet günleri 19-njy oktýabrda Mukamlar köşgünde Tatarystanyň we Türkmenistanyň medeniýet hem-de sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda uly dostluk konserti bilen tamamlanar.


düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

12.06.2026 01:36
5k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7.3k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.8k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....