Gruziýanyň Geosky Airlines awiakompaniýasy Türkmenabada ilkinji ýük gatnawyny amala aşyrdy

  • 15.10.2023 12:40
  • 13k+

Gruziýanyň Geosky Airlines kompaniýasynyň uçary 13-nji oktýabrda Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menzilinde ilkinji gonuşy amala aşyrdy. Häzirki wagtda bu awiakompaniýa iki ýurduň ilçihanalarynyň goldawy bilen Tbilisi (Gruziýa) – Çžençžou (Hytaý) – Türkmenabat (Türkmenistan) – Saragosa (Ispaniýa) – Tbilisi (Gruziýa) ugry boýunça ýük gatnawlaryny amala aşyryp başlady.

Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda ýük awiagatnawlarynyň ýola goýulmagy Ýewropa-Aziýa ugrunda we yzyna üstaşyr geçiş mümkinçiliklerini giňeldýär.
Türkmenistan Gruziýa bilen köptaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegini, şeýle-de Aziýa, Kawkaz we Ýewropa ýurtlary bilen netijeli ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri hasaplaýar. Täze halkara ýük awiagatnawynyň açylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Şu mynasybetli Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow Geosky Airlines kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen onlaýn duşuşyk geçirdi.
Duşuşykda Gruziýany Aziýa we Ýewropa şäherleri bilen baglanyşdyrýan Türkmenabadyň Halkara howa menziliniň, ilkinji nobatda, amatly geografiki ýerleşişi, ýagny Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän howa, demirýol we awtomobil ýollarynyň çatrygynda ýerleşmegi netijesinde üstaşyr nokady hökmünde ulanyljakdygy bellenildi.


düýn 22:20
2.3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....