Türkmenistan 2024-nji ýylda Samarkandy GDA-nyň medeni paýtagty diýip yglan etmek başlangyjyny goldaýar

  • 13.10.2023 17:39
  • 14k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bişkekde geçirilýän GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitinde 2024-nji ýylda gadymy Samarkant şäherini GDA-nyň medeni paýtagty diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjy Türkmenistanyň goldaýandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutanynyň bellemegine görä, ýurtlarymyzyň halklarynyň arasyndaky ysnyşykly ynsanperwer gatnaşyklary, ozalkysy ýaly GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm we birleşdiriji şerti bolmagynda galýar.

«Şu gün 2024-nji ýylda gadymy Samarkant şäherini GDA-nyň medeni paýtagty diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjy Türkmenistanyň goldaýandygyny habar bermek meniň üçin ýakymlydyr» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow belledi.

Prezident medeni paýtagtyň hormatly statusynyň çäklerinde medeni çäreleriň geçirilmeginiň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň halklarynyň medeniýetleriniň özara baýlaşmagyna täze itergi berjekdigine, şeýle hem däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynanýandygyny aýtdy.

«Sözümiň ahyrynda Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerinde mundan beýläk-de gatnaşyk etmäge berk ygrarlydygyny tassyklamak, biziň hyzmatdaşlygymyzyň uly geljeginiň bardygyna ynam bildirmek isleýärin» diýip, döwlet Baştutany nygtady.


düýn 23:05
478

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
725

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......