Raşid Meredow GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

  • 13.10.2023 07:37
  • 4.8k+

12-nji oktýabrda Bişkek şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Çärede türkmen wekilýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow ýolbaşçylyk etdi.

Maslahatyň dowamynda wajyp meseleleriň giň toplumy boýunça, şol sanda, halkara we sebit meseleleriniň möhüm ugurlarynyň gün tertibi, şeýle hem GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek barada pikir alyşyldy. Geljekde syýasat, söwda-ykdysady we medeniýet ulgamlarynda  amala aşyrylmaly köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary kesgitlenildi.
Şeýle hem mejlise gatnaşanlar 2025-nji ýylda GDA-da Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişiň 80 ýyllygyna taýýarlyk görmek we ony bellemek boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasy baradaky, GDA-nyň Çempionaty baradaky, GDA-nyň çäklerinde daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleriň Meýilnamasy baradaky Çözgütler bilen bagly möhüm taslamalary we beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň ileri tutylýan ugurlary we garaýyşlary barada bellemek bilen, wekilýetiň ýolbaşçysy R.Meredow GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýete eýedigini, şunda bilelikdäki tagallalary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.
Maslahatyň dowamynda GDA ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen täze pikirler we taslamalar teklip edildi. Şeýle-de ylym-bilim ulgamynda bilelikdäki işleriň geljegine seredildi.
GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 12-nji aprelinde Minskde geçirmek barada çözgüt kabul edildi.


düýn 23:05
665

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
789

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......