Dürli ýurtlardan 45 alym Türkmenistanda geçirilen halkara tehnologiýa bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

  • 12.10.2023 19:02
  • 7.3k+

Aşgabatda şu ýylyň mart aýynda başlan «Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly halkara bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Bäsleşige dünýäniň dürli ýurtlaryndan ýaş alymlar gatnaşdy, olardan 45-isi bolsa baýrak alanlaryň hataryna goşuldy.

Bäsleşikde Azerbaýjandan, Belarusdan, Wýetnamdan, Gruziýadan, Gazagystandan, Hytaýdan, Malaýziýadan, Täjigistandan, Türkiýeden we Özbegistandan, şeýle-de Türkmenistandan ýaş alymlar, oýlap tapyjylar we hünärmenler isleg bildirilýän ugurlar boýunça öz taslamalaryny we ylmy işlerini hödürlediler. Bäsleşigi gurnaýjy bolup Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy, Bilim Ministrligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi çykyş etdi.

Bäsleşigiň netijesi boýunça, dürli ýurtlardan 45 taslama awtory ýeňiji boldy. Orunlar aşakdaky ýaly paýlandy:
I orun – 9 adam;
II orun – 14 adam;
III orun – 22 adam.

Ýeri gelende bellesek, 9 sany ýokary baýraga eýe bolanlaryň 6-sy Türkmenistandandyr:

  1. Söwer Serdarow — Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby.
  2. Gülnar Öwezdurdyýewa — Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby.
  3. Halmyrat Orunbaýew — Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Nanotehnologiýalar laboratoriýasynyň müdiri.
  4. Jennet Ataýewa — Magtymguly adyndaky TDU-nyň Organiki himiýa kafedrasynyň mugallymy.
  5. Aýjahan Welýanowa — S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Biologiýa we okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.
  6. Batyr Hançaýew — Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilermeni.
  7. Kou Ýuýsýuan — Sian uniwersitetiniň Geljegiň tehnologiýalary mekdebiniň aspiranty.
  8. Suhrob Ýusupow — Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy we organiki däl himiýa institutynyň 2-nji ýyl doktoranty.
  9. Parwinaý Olimboýzoda — Täjigistanyň Tehnologiýalar uniwersitetiniň Ylym we gollanmalar kafedrasynyň doktoranty, tehniki ylymlaryň kandidaty.

düýn 10:34
1.5k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.9k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......