Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentini «Arkadag» medaly bilen sylaglanmagy mynasybetli gutlady

  • 12.10.2023 08:58
  • 21k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri,  Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglanmagy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan gutlady.

«Siz täze taryhy döwrümizde ynsanperwerligiň, sahawatlylygyň, kömege mätäje ýardam bermegiň, howandarlygyň belent nusgasyny görkezýärsiňiz. Türkiýede bolup geçen pajygaly ýertitremede ejir çeken çagalara, Ukrainanyň çagalaryna, doganlyk Owganystanyň halkyna, Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitiniň çagalaryna derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma önümlerinden, dürli azyk önümlerinden ybarat bolan ynsanperwerlik ýükleriniň iberilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir. Bu haýyr-sahawat işleri türkmen halkynyň ynsanperwerlik ýörelgelerine we däp-dessurlaryna esaslanyp, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk gatnaşyklarynyň binýadyny has-da berkidýär» diýlip Gutlagda aýdylýar.


şu gün 07:42
445

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......