ABŞ-nyň Ratgers uniwersitetinde Pifagoryň meşhur teoremanyň awtory däldigi beýan edildi

  • 12.10.2023 08:25
  • 10k+

Ratgers uniwersitetinden amerikaly matematik Brýus Ratner Pifagoryň meşhur teoremanyň awtory däldigine ynanýar.

Alymyň pikiriçe, Ýel uniwersitetinde b.e. öňki 1800-1600-nji ýyllara degişli palçykdan ýasalan tagtanyň ýüzüne ýazylan wawilon ýazgysy ýerleşýär. Onda Pifagoryň teoremasyny ulanmagyň mysaly mysaly şekillendirilipdir. Bu bolsa Pifagoryň ýaşan döwründen, ýagny 570-490-njy ýyllardan 1000 ýyldan hem has irdir.
Taryhçylar Pifagoryň eserleriniň saklanyp galmandygyny bilýärler. Alym bolsa Pifagoryň teoremany oýlap tapyp bilmejekdigine ynanýar, onuň okuwçylary awtorlygy oňa degişli edipdirler. Muny onuň özüne degişli bolmadyk başga-da köp açyşlaryň Pifagoryň adyna degişli edilendigi bilen hem tassyklamak mümkin.

«Pifagoryň teoremasynyň onuň dogulmagyndan 1000 ýyl öň wawilonly matematikler tarapyndan açylandygyny we subut edilendigini görkezýän anyk subutnamalar bar. Onuň bu teoremanyň meşhurlygyny artdyran bolmagy mümkin, emma bu onuň ylmyň öňünde bitiren hyzmatlaryny pese düşürmeýär» diýip, Ratner belleýär.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....