Türkmenistan BMG-niň bosgunlar boýunça düzüminiň 74-nji mejlisine gatnaşýar

  • 11.10.2023 15:16
  • 3.2k+

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň Ýerine ýetiriji komitetiniň 74-nji mejlisiniň işine gatnaşýar.

9-njy oktýabrda başlanan mejlis öz işine şu ýylyň 13-nji oktýabryna çenli dowam eder.
Mejlisiň dowamynda Ýokary Komissaryň bosgunlar bilen bagly dünýädäki häzirki ýagdaý baradaky hasabatyna, Hemişelik komitetiniň bu babatdaky halkara goldawy we degişli maksatnamalary baradaky hasabatlaryna, şeýle hem mejlise gatnaşýan wekiliýetleriň hasabatlary diňlenilýär.

Türkmen tarapynyň çykyşynda bosgunlar, şol sanda, olary goramak we olara zerur bolan şertleri döretmek, olaryň hukuklarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek boýunça meseleler babatynda ýurtlaryň BMG bilen, hususan-da, Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirligi bilen işjeň hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagynyň wajyplygy nygtaldy. Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan syýasaty, durmuşa geçirýän taslamalary we maksatnamalary, şeýle hem ýakyn gelejek üçin meýilleşdirilen çäreleri barada  aýtmak bilen, türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy ýurdumyzda 2024-nji ýylda geçirilmegi göz öňünde tutulýan raýatsyzlygy ýok etmek boýunça sebitleýin maslahat barada aýratyn belläp geçdi.
Bu babatda, Ýokary komissar Türkmenistanyň Hökümetine BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen alyp barýan ýakyn hyzmatdaşlygy üçin hoşallygyny bildirmek bilen, şeýle hem ýurdumyz tarapyndan geçirilmegi meýilleşdirilýän sebit maslahaty baradaky başlangyjyny goldady. Mundan başga, Ýokary komissar Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde bosgunlar we raýatsyzlyk bilen bagly ähli Konwensiýalara goşulan ýeketäk döwlet bolup durýandygyny nygtady hem-de ýurdumyzyň raýatsyzlygy ýok etmek ugrunda görkezýän işjeňligi we bu ugurda gazanan üstünlikleri barada aýratyn belledi.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......