Halk Maslahatynyň Başlygy Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen gutlady

  • 10.10.2023 08:10
  • 10k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan gutlady.

«Siz: «Ata-babalarymyzyň «Bar zadyň sakasy — saglyk», «Saglygym — begligim» diýen pähimli sözlerinden ugur alyp, biz berkarar döwletimizde adamlaryň saglygyny berkitmek ugrunda zerur işleri alyp barýarys. Sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni alyp, olary netijeli bejermäge örän uly ähmiýet berýäris» diýip belleýärsiňiz. Siziň baştutanlygyňyzda paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda açylyp ulanmaga berilýän döwrebap hassahanalar, saglyk öýleri ýurdumyzda adam hakyndaky aladalaryň täze taryhy döwrümizde hem giň gerimde ýaýbaňlandyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Siziň baştutanlygyňyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň täze taryhy döwrümizde hem üstünlikli dowam etdirilmeginiň netijesinde, soňky ýyllarda Türkmenistanda adam ömrüniň ortaça dowamlylygy yzygiderli ýokarlanýar, pudagyň düzümleri döwrebaplaşdyrylýar, innowasion tehnologiýalar we lukmançylyk ulgamyndaky iň öňdebaryjy tejribeler işjeň ornaşdyrylýar» - diýip Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.


şu gün 07:42
445

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......