Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat boýunça iş saparyny amala aşyrdy we guruljak desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy

  • 10.10.2023 07:37
  • 16k+

9-njy oktýabrda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy esasynda Aşgabat boýunça iş saparyny amala aşyryp, meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezine bardy. Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda we Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde dürli maksatly binalaryň gurluşygy, şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, gurluşyklarda ulanylýan serişdeleriň aýratynlyklaryna degişli taslamalar we gurluşygy dowam edýän desgalaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Dürli maksatly desgalaryň şekil taslamalarydyr çyzgylary bilen tanyşdyrylyş çäresine Hökümet agzalary, ugurdaş ministrlikleriň we dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän gurluşyk kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Bu ýerde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň baş meýilnamasy, iki gatly, iki öýli ýaşaýyş jaý toplumlarynyň şekil taslamalary hem-de olaryň täze şäherde ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilýän desgalaryň aýratynlyklary barada hasabat berdi.
Wise-premýer N.Amannepesow paýtagtymyzda gurulýan 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde, 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezinde, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Görogly köçesiniň ugrunda gurulmagy meýilleşdirilýän Stomatologiýa merkeziniň, 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyklarynyň baş meýilnamasy, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we sagaldyş ulgamyna degişli merkezleriň bölümleriniň enjamlaşdyrylyşy, otaglaryň bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy.
Şeýle hem bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň we onuň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän täze desgalaryň taslamalary, Balkan welaýatynyň çäginde bina edilmegi göz öňünde tutulýan, kuwwatlylygy 1574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän döwrebap elektrik stansiýasynyň taslamalary we binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Bular barada wise-premýer B.Annamämmedow hasabat berdi.


düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

12.05.2026 20:15
1.8k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......