Ýaponiýalylar 4,5 metr beýiklikde 3,5 tonnalyk robokostýum döretdiler

  • 07.10.2023 20:21
  • 17k+

Ýaponiýanyň robotlaşdyrylan ekzoskeletlere ýöriteleşýän Tsubame Industries kompaniýasy kosmosy öwrenmek üçin ulanylyp bilinjek Archax robokostýumyny hödürledi. Bu barada “Independent-e” salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

3,5 tonna agramly robokostýumyň beýikligi 4,5 metr bolup, bahasy 3 mln dollara durýar. Ol dört teker bilen üpjün edilip, iki režimde hereket edip bilýär: dikligine (robot režimi) we keseligine (ulag režimi). Dikligine robokostýum adamyň elleriniň we barmaklarynyň hereketlerini ýasap bilýär, keseligine bolsa tizligini sagatda 10 km çenli artdyryp bilýär.
Robokostýumyň joýstikleriň we monitorlaryň kömegi bilen ony dolandyryp bilýän sürüji üçin kabinasy bar. Kabina robotyň göwresinde ýerleşip, oňa robotyň kellesinde we beýleki böleklerinde oturdylan kameralardan wideosignallar gelip gowuşýar. Robokostýumyň sürüjiniň rahatlygy üçin sowadyş we ýyladyş ulgamy hem bar.
Archax ady guşa meňzeş dinozawrdan – arheopteriksden gelip çykýar. Robokostýumy işläp düzüjiler köplenç adamlar tarapyndan dolandyrylýan ägirt robotlaryň peýda bolan ýapon animesinden ruhlandylar.
Tsubame Industries-iň ýerine ýetiriji müdiri Rýo Ýoşida robokostýumyň kosmosda we Ýerde çylşyrymly işleri ýerine ýetirmek üçin peýdaly gural boljakdygyna umyt bildirdi. Tsubame Industries ýakyn wagtda Archax robot-kostýumynyň bäş nusgasyny döretmegi we satmagy meýilleşdirýär.


13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

08.06.2026 16:26
5.2k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 19:44
1.2k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

31.05.2026 22:44
4.6k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......