BYD elektrik ulaglarynyň satuwy boýunça Tesla-nyň yzyndan ýetdi diýen ýaly

  • 06.10.2023 14:02
  • 14k+

Tesla şu ýyl elektrik ulagy segmentinde dünýäde öňdebaryjy hökmünde adyny ýitirip biler. Firma ýylyň üçünji çärýeginiň netijelerini yglan etdi, bu Tesla bilen BYD-iň arasyndaky tapawudyň aňrybaş derejä çenli azalandygyny görkezdi. Bloomberg-iň hünärmenleri dördünji çärýegiň ahyryna çenli Hytaýyň konserniniň Ilon Maskyň kompaniýasyndan öňe geçip biljekdigini çaklaýarlar.

Üçünji çärýekde Tesla müşderilere 435 059 elektrik ulagy iberdi. Kompaniýa çärýekde täze rekord goýup bilmedi: ikinji çärýek bilen deňeşdirilende üpjünçiligiň mukdary takmynan 30 müň birlik azaldy. Meşhur Model S bilen Model Y-nyň satuwlary umumy hasapda 16 müňden az boldy.
Teslanyň pese gaçmagy dünýä lideridigine dalaş edýän hytaýly BYD konsernine onuň yzyndan ýeteňkirlemäge mümkinçilik berdi. BYD üçünji çärýekde 431 603 elektrik ulagyny satyp, amerikan kompaniýasy ondan bary-ýogy 0,8% öňde boldy.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......