Serdar Berdimuhamedow Italiýada bolup geçen awtobus heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi

  • 05.10.2023 00:47
  • 28k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella ýurduň Wenesiýa şäheriniň ýakynynda bolan, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren awtobus heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan, gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Wenesiýada Mestre we Margera etraplaryny birleşdirýän demir ýollaryň ugrunda syýahatçylar bolan awtobus beýiklikden ýere gaçdy. Italýan neşirleriniň 3-nji oktýabrda agşam habar bermeklerine görä, ýol-ulag heläkçiliginde azyndan 21 adam, şol sanda 3 sany çaga aradan çykdy. 15 adam şikes aldy, şolaryň bäşisi agyr ýagdaýda.
Wenesiýada pida bolanlaryň hormatyna matam yglan edildi.


16.02.2026 15:06
10k+

Italiýada meşhur «Aşyklaryň arkasy» gaýasy ýumruldy

Italiýanyň Apuliýa sebitindäki Adriatika deňziniň kenarynda «Aşyklaryň arkasy» ady bilen tanalýan Sant-Andrea gaýasy ýumruldy. Ýerli häkimiýetleriň maglumatlaryna görä, muňa ygally howa şertleri we deňiz eroziýasy sebäp boldy...

13.02.2026 12:24
12k+

Italiýada bir adam 20 sany altyn bölegini ýalňyşlyk bilen zibile taşlapdyr

Italiýanyň Torre-Lapillo kurort şäherçesinde 57 ýaşly bir adam içinde takmynan 120 müň ýewrolyk 20 sany altyn bölekleri bolan gutyny ýalňyşlyk bilen zibile taşlapdyr. Bu täsin waka barada RMF24 portaly habar berýär...

08.02.2026 13:12
9.8k+

Wenesiýa suw basmak howpy abanýar: şäher 9 günde 15 gezek suw joşgunyny başdan geçirdi

Wenesiýada 9 günüň dowamynda 15 gezek ýokary suw joşguny hasaba alyndy. Bu ýylyň başy üçin rekord görkezijidir diýip, ANSA agentligi habar berýär. Suw joşgunlaryna gözegçilik ediş merkeziniň direktory Alwize Papa bu ýagdaýy «heniz görlüp-eşidilmedik waka» diýip atlandyrdy we muny global maýlama sebäpli ýüze çykýan töwekgelçilikleriň artmagy bilen baglanyşdyrdy...

31.01.2026 19:26
16k+

Sisiliýadaky şäher ýeriň opurylmagy sebäpli uçudyň gyrasynda galdy

Sisiliýanyň Kaltanissetta kommunasyndaky Nişemi şäheriniň häkimiýetleri ýer süýşgüni sebäpli 1,5 müňe golaý ýaşaýjyny gyssagly ewakuasiýa etdi. Bu tebigy hadysa sebäpli şäheriň taryhy merkezi ýumrulyp biler diýip, The Guardian gazeti habar berýär...