Türkmenistanyň DIM-inde Ýewropa Bileleşiginiň taslamalary boýunça duşuşyk geçirildi

  • 04.10.2023 23:57
  • 2.7k+

4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksanyň, Ýewropa Bileleşiginiň Gazagystandaky wekilhanasynyň hyzmatdaşlyk bölüminiň ýolbaşçysy Ýohannes Bauryň, şeýle hem Halkara söwda merkeziniň we Halkara hyzmatdaşlyk boýunça German agentliginiň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda Merkezi Aziýada bilelikdäki ikitaraplaýyn we sebitleýin taslamalaryň ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar bu taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilişini bellediler.
Howanyň üýtgemegi we ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri gozgaldy.
Taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň energiýa sarp edilişini kemeltmek, gaýtadan dikeldilýän energiýanyň önümçiligini ýokarlandyrmak, metan zyňyndylaryny azaltmak, Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda ulag aragatnaşygyny ösdürmek boýunça edýän tagallalary baradaky maglumatlary berdiler, şeýle hem bu ugurlardaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça pikir alyşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.


düýn 16:07
1.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....