Internet gözlegleri esasynda dünýädäki iň meşhur elektromobiller belli boldy

  • 04.10.2023 16:30
  • 7k+

Gridserve kompaniýasy 200-den gowrak ýurtdan ýygnalan maglumatlara esaslanyp, 2022-nji ýylda has meşhur bolan elektromobilleriň reýtingini düzdi. Kompaniýa dürli ýurtlarda elektromobiller barada internetde maglumat gözleýän adamlaryň işjeňligini hasaba aldy. Google-daky ýönekeý gözlegler hakyky satuwlara hemişe laýyk gelmese-de, bu gözleg iň bir isleg bildirilýän elektromobiller barada düşünje berýär diýip, tarantas.news belleýär.

Şeýlelikde, Tesla Model 3 20 million gözleg bilen birinji orny eýeleýär. Ikinji orunda Kia EV 6 (15,8 mln), üçünji orunda Model Y (13,9 mln) gelýär. Dördünji orunda Hyundai Ioniq 5 (12,7 mln), bäşinji orunda Tesla Model S (11,5 mln gözleg) ýerleşýär. Soňra Porsche Taycan (10,5 mln), Tesla Model X (9,5 mln), Polestar 2 (8,2 mln), Lexus RZ (7,2 mln), BMW i4 (7,1 mln) gelýär.
Köp soralýan awtomobilleriň belli bir derejede ýerli ähmiýeti bar, mysal üçin, Hindistanda öndürilen Tata Nexon Hindistanda 2 milliondan gowrak gözleg aldy. Käbir ýurtlarda elektromobillere bolan gyzyklanma has pesdir. Mysal üçin, Eýranda has meşhur bolan elektromobil BMW iX geçen ýyl bary-ýogy 10 gezek gözlenildi. Hytaý üçin netijeler Google-yň bu ýerde meşhur gözleg programmasy däldigi sebäpli pesdir. Muňa garamazdan, Tesla Model 3 has meşhur boldy, ýöne 2022-nji ýylda hakyky satuw boýunça Hytaýyň BYD kompaniýasy Tesla-dan öňe geçdi.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......