Hindistan 2024-nji ýylda Wenera missiýa ugadar

  • 03.10.2023 10:51
  • 5.1k+

Hindi kosmos gözleg guramasy (ISRO) 2024-nji ýylda meýilleşdirilýän Wenera missiýasy üçin enjamlaryň eýýäm işlenip düzülendigini habar berdi.

“Konseptual etapda duran köp missiýalarymyz bar. Wenera missiýasy eýýäm düzüldi. Munuň üçin gerek boljak ýükler eýýäm işlenip düzüldi" - diýip, ISRO-nyň başlygy Sridhara Somnath mälim etdi.

Wenera missiýasyny goýbermek öňünden 2024-nji ýylyň dekabryna meýilleşdirilipdi – sebäbi şonda, ýagny, 2025-nji ýylda Ýer bilen Wenera biri-birine has ýakyn bolan wagty stansiýa Wenera orbitasyna girer. “Şukraýan-1” zondy atmosferanyň himiki düzümini öwrener, stratigrafiýa geçirer we Gün ýeliniň Weneranyň ionosferasy bilen täsirleşmesini öwrener. Eger missiýany goýbermek 2024-nji ýylda amala aşyrylmasa, indiki amatly pursat diňe 2031-nji ýylda geler.
Şu ýylyň bary-ýogy birnäçe aýynyň içinde Hindistanyň iki sany üstünlikli missiýany amala aşyrandygyny ýatladýarys: Aý ulagyny Aýa iberdi we Aditya-L1 awtomatiki Gün gözleg stansiýasyny işe girizdi.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....