Alymlar mör-möjeklere zeper ýetirmezden, olary kiborga öwürdiler

  • 30.09.2023 15:35
  • 20k+

Singapuryň Nanýan Tehnologiýalar uniwersitetiniň inženerleri tarakanlara zeper ýetirmezden, olary kiborga öwürmegi öwrendiler. Gözlegiň netijeleri «Flexible Electronics» ylmy žurnalynda çap edildi.

Kiborg tarakanlar ozal hem döredilipdi, ýöne öňki synaglaryň hemmesinde bu mör-möjekleriň nerw ulgamyna elektrodlar birikdirildi. Şeýle täsir synag edilýän nusgalaryň ömrüni ep-esli azaldýardy we şeýle amallary netijesiz edýärdi.
Gözleg topary tarakanlaryň arkasyndaky kiçijik torbada ýerleşýän simler bilen bagly altyn we plastmassa simleri olaryň murtjagazlaryna birikdirmegiň usulyny tapdylar. Simler synag edilýäniň murtjagazlaryna gowşak elektrik impulslaryny iberip, ony çepe ýa-da saga öwrülmäge mejbur edýär. Şeýle hem inženerler tarakanyň garnyna elektrod dakyp, gyjyndyrma baglylykda, has çalt ýa-da haýal hereket etmegini gazandylar.
Alymlaryň ýolbaşçylygynda radio tolkunlary tarapyndan dolandyrylýan kiborg tarakan labirintden we päsgelçiliklerden geçdi. Synag gyjyndyrmanyň mör-möjekleriň hereketlerine takyk gözegçilik etmäge mümkinçilik berýändigini görkezdi.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....