Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa iş sapary tamamlandy

  • 30.09.2023 10:51
  • 15k+

29-njy sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş sapary tamamlandy.

TmCars-yň habar berşi ýaly, Germaniýa iş saparynyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we GFR-iň wekiliýetleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy.
Şeýle hem 
Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň «Geljegi strategik taýdan bilelikde emele getirmek — Merkezi Aziýa bilen Germaniýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek» mowzugy boýunça duşuşygy geçirildi.
Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň GFR-iň Hökümetiniň Başlygy Olaf Şols bilen duşuşygyna gatnaşmak üçin Germaniýanyň Federal Kansleriniň edarasyna bardy.
Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmen-german işewürlik maslahatyna gatnaşdy. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-iň Federal Kansleri Olaf Şols we GFR-iň Federal Kansleriniň orunbasary, ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça federal ministri Robert Habek bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparyny tamamlap, “Berlin — Brandenburg” Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.


şu gün 07:42
445

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......