Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy

  • 30.09.2023 10:12
  • 15k+

29-njy sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-e iş saparynyň çäklerinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow we GFR-iň Federal Hökümetiniň Baştutany uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan türkmen-german hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy. Mälim bolşy ýaly, häzirki günde dünýä gün tertibine zeper ýetirip biljek ählumumy derejedäki wakalar bolup geçýär. Bellenilişi ýaly, şeýle ýagdaýda bar bolan meseleleri çözmekde syýasy sowukganlylyk we jogapkärli çemeleşmek zerurdyr. Bitarap ýurt bolmak bilen, Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanan pursadyndan bäri bu syýasata yzygiderli eýerýär. Sebitde durnuklylygyň ykrar edilen merkezi bolmak bilen, ýurdumyz bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, işjeň daşary syýasaty durmuşa geçirýär.
Owganystandaky ýagdaý duşuşygyň aýratyn mowzugy boldy.
Türkmen-german söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy babatda aýdylanda, türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Federal Kansler bu hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygyny bellediler. Bu ugurdaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, birnäçe geljegi uly ugurlar bellenildi.
Halk Maslahatynyň Başlygy Hazar deňziniň ýalpaklygyny özleşdirmegiň wajypdygyny, bu ugurda iri german kompaniýalary, hususan-da, “Wintershall” we “RWE” kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň toplanandygyny belläp, Türkmenistanyň germaniýaly hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine garamaga we bu kompaniýalaryň netijeli işlemekleri üçin ähli zerur şertleri döretmäge taýýardygyny aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Hazarüsti gaz geçirijisiniň ähmiýetine ünsi çekip, ýurdumyzyň bu taslama ygrarlydygyny hem-de Ýewropa Komissiýasynyň degişli düzümleri, aýry-aýry Ýewropa döwletleri bilen bu mesele boýunça dialogy täzeden ýola goýmaga meýillidigini tassyklady. Germaniýa bu ýurtlaryň arasynda möhüm orun eýeleýär.
Saglygy goraýyş ulgamyna aýratyn üns çekildi.
Duşuşygyň dowamynda bilim, medeniýet we arheologiýa ulgamlarynda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň meselelerine deglip geçildi. 
Duşuşygyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Federal Kansler Olaf Şolsy özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.


şu gün 07:42
445

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......