Gurbanguly Berdimuhamedow german kompaniýalaryna ýurdumyzyň himiýa senagatynda täze taslamalara gatnaşmagy teklip etdi

  • 30.09.2023 09:42
  • 9.1k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-german işewürler maslahatyndaky çykyşynda german kompaniýalaryna ýurdumyzyň himiýa senagatynda täze taslamalara gatnaşmagy teklip etdi.

«Himiýa senagatynda german kompaniýalarynyň Türkmenistandaky «Tejenkarbamid» zawodynda abatlaýyş-dikeldiş hem-de bölekleýin döwrebaplaşdyrmak işlerini geçirmek boýunça taslama gatnaşmak mümkinçiligini öwrenmegi teklip edýäris. Meselem, «ThyssenKrupp» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy maksadalaýyk hasaplaýarys» – diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, şol bir wagtyň özünde german hyzmatdaşlarymyz bilen Türkmenistanda Garlyk kaliý dag magdan toplumyny taslama kuwwatlyklaryna çykarmak we ösdürmek boýunça täze toplumlaýyn taslamany durmuşa geçirmek mümkinçiligi baradaky gepleşikleri dowam etmegi möhüm hasaplaýarys.

«Mälim bolşy ýaly, bu ugurda biz eýýäm «Erсosplan», «Ka-Utek», «Sсhaсhtbau» nemes kompaniýalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip gelýäris» – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.


şu gün 07:42
445

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......