Gurbanguly Berdimuhamedow Berlinde türkmen-german işewürler maslahatyna gatnaşdy

  • 30.09.2023 09:19
  • 4.7k+

29-njy sentýabrda Germaniýa Federatiw Respublikasynda iş sapary bilen bolan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Berlinde geçirilen türkmen-german işewürler maslahatyna gatnaşdy.

«Marriot» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen çärä şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we Türkmenistanyň esasy pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar. Kabul edýän tarapdan bu çärä GFR-iň esasy ministrlikleriniň, German ykdysadyýetiniň gündogar komitetiniň, Kiçi we orta kärhanalaryň federal birleşiginiň wekilleri, iri banklaryň hem-de dürli ulgamlarda işleýän onlarça kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Işewürler maslahatyň dowamynda ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça türkmen-german hyzmatdaşlygynyň ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Germaniýa ýurdumyzyň esasy işewür hyzmatdaşlarynyň hatarynda çykyş edýär. Iri german işewür düzümleri bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklar, şeýle hem GFR-iň wekiliýetiniň giň düzümi Germaniýa tarapyndan ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.


şu gün 07:42
445

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

düýn 17:29
7.8k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

09.06.2026 12:22
2.4k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......