Serdar Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

  • 29.09.2023 00:41
  • 13k+

28-nji sentýabrda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň hormatyna Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralary geçirildi. Bu dabaralara Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Dabaranyň barşynda baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi.
Birinji dört çapyşykda üçýaşar atlar ýaryşdylar. 
1400 metr aralyga geçirilen birinji çapyşykda 1 minut 35,2 sekunda deň bolan iň gowy netijäni Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli  Daýanjym atly dor at görkezdi. Onuň çapyksuwary --P.Orazow.
Şu aralyga geçirilen ikinji çapyşykda pellehana ilkinji bolup 1 minut 36,5  sekunt netije bilen Türkmenistanyň Içeri işler  ministrliginiň Gudratlydag atly mele aty geldi. Onuň çapyksuwary --Y.Allanazarow. 
1600 metr aralyga geçirilen üçünji çapyşykda 1 minut 53,1 sekunda deň bolan iň gowy netijäni Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gögerçin atly dor at  görkezdi. Onuň çapyksuwary –O.Amangeldiýew.
Şol aralyga geçirilen dördünji çapyşykda pellehana ilkinji bolup Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Garaýel atly gara aty geldi. Ol 1 minut 52,8 sekunt netije görkezdi. Çapyksuwary –M.Seýidow.
Galan soňky  çapyşyklarda dört we uly ýaşar atlar ýaryşdylar.
1800 metr aralyga bolan bäşinji çapyşykda 2 minut 07,5 sekunt netije bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Artyk atly dor at pellehana ilkinji bolup geldi. Çapyksuwary—M.Mämmedow.
2200 metr aralyga altynjy çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Bezirgen atly akýal mele aty 2 minut 35,9 sekunt netije bilen pellehana ilkinji bolup geldi. Onuň çapyksuwary üçünji derejeli çapyksuwar --M.Agamyradow.
2200 metr aralyga geçirilen  jemleýji, ýedinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň  baş baýragyny almak ugrunda çekeleşikli bäsleşik boldy.
Pellehana ilkinji bolup, 2 minut 37,4 sekunt netije bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Dagbedew atly dor at geldi. Onuň çapyksuwary --ussat çapyksuwar B.Agamyradow.
Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy.  


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......