Özbegistan BYD elektrik ulaglaryny öndürip başlady

  • 28.09.2023 11:54
  • 24k+

26-njy sentýabrda “Özbegistanda elektrik we gibrid ulaglary hem-de olaryň böleklerini öndürmegi guramak” maýa goýum şertnamasyna gol çekildi. Bu resminama Özbegistanyň Maýa goýum, senagat we söwda ministrligi bilen Hytaýyň BYD awtoulag öndürijisiniň arasynda gol çekildi diýip, pudagyň metbugat gullugy habar berýär.

Ylalaşyk BYD Auto bilen “Uzawtosanoat” paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde elektrik we gibrid awtoulag öndürmek boýunça BYD Uzbekistan Factory bilelikdäki kärhanany döretmegini göz öňünde tutýar. Taslamanyň birinji we ikinji tapgyrlarynda meýilleşdirilýän önümçilik göwrümine görä, ýylda 50 müň awtoulag öndüriler we üçünji tapgyryň tamamlanmagy bilen, bu görkeziji ýylda 300 müň birlige ýeter.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......