Alymlar emeli tohumlandyrma arkaly ak nosoroglaryň populýasiýasyny gaýtadan dikeltmäge synanyşarlar

  • 27.09.2023 18:14
  • 21k+

Dünýäde nosorog güni bellenilip geçildi. Ol pilden soň gury ýerdäki iň uly süýdemdirijidir. Ululygyna we gorkunç keşbine garamazdan, olaryň käbir görnüşleri ýitip gitmek howpy astyndadyr.

Olaryň biri hem demirgazyk ak nosorogdyr bar. Sudan atly iň soňky erkek 2018-nji ýylda Keniýadaky tebigy goraghanada aradan çykdy. Ýer togalagynda diňe iki baş nosorog galdy we olaryň ikisi-de urkaçy. Mundan başga-da, olar nesil galdyryp bilmejek derejede garry.
Şonuň üçin alymlar özboluşly synag taýýarlaýarlar. Olar surrogat eneleri emeli tohumlandyrmak arkaly haýwanlary goramak isleýärler. Olaryň wezipesini günorta ak nosoroglar ýerine ýetirerler. Olara iň soňky erkek nosorog ölmezinden ozal alnan we doňdurylan embrionlar ýerleşdiriler.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....