Türkmenistanyň Prezidenti «Cifal» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

  • 27.09.2023 00:14
  • 5k+

26-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Cifal»  kompaniýasynyň prezidenti Žil Remini kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Duşuşygyň barşynda soňky ýyllarda ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmaga we düýpli döwrebaplaşdyrmaga ugur alandygy nygtaldy. Türkmenistan daşary ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen daşary syýasy strategiýany durmuşa geçirip, maglumat tehnologiýalary, oba hojalygyny sanlylaşdyrmak, suw tygşytlaýjy we ýaşyl tehnologiýalary ulanmak ulgamynda öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini çekmäge aýratyn ähmiýet berýär.
Şundan ugur alyp, türkmen tarapynyň fransuz kompaniýalarynyň gazananlaryny mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi we frnasuz hyzmatdaşlarynyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygy tassyklanyldy.
«Cifal-yň » täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtap, Žil Remi ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge berk eýerjekdigine ynandyrdy.


düýn 17:29
6.2k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......