Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň täze bellenen ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

  • 26.09.2023 22:40
  • 3.1k+

Şu gün, 26-njy sentýabrda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Beata Peksan Prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda şu ýyl Türkmenistan  bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl bolandygy bellenildi we şol geçen ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň özara ynanyşmak we açyklyk ýörelgeleri esasynda üstünlikli ösdürildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýaňy-ýakynda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň çäklerinde Ýewropa Geňeşiniň Başlygy  Şarl Mişel bilen bolan duşuşygynda hyzmatdaşlygyň giň ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň bolandygyny we bu hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny belledi. Ulag ulgamy, energetika we “ýaşyl tehnologiýalar” hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.  
Döwlet Baştutany ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belläp, bu netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady.


düýn 16:07
1.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....